Mewlüt Çawuşogly Malaýziýa gitdi

Çawuşogly Günorta Gündogar Aziýa halklarynyň bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşýar

313339
Mewlüt Çawuşogly Malaýziýa gitdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Günorta Gündogar Aziýa halklarynyň bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň 48-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Malaýziýa gitdi.
Ministr Çawuşogly saparynyň birinji gününde Taýlandyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleri General Tanasak Patimapragorn we Dato Sri Anifah bilen duşuşdy.
Duşuşykda uýgurlaryň ýagdaýy, terrorçylyga garşy göreş, syýasy we ykdysady taýdan edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler seljerildi.
Türkiýede guralýan terrorçylykly hüjümler we Türkiýäniň başladan operasiýalary barada kärdeşlerine maglumat beren Çawuşogly, terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeldi.
Günorta Gündogar Aziýa halklarynyň bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna bileleşige agza 10 ýurt bilen birlikde ABŞ we Russiýa ýaly birnäçe ýurtdan ministr gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar