Premýer ministr Suruç etrabyna bardy

Ahmet Dawutogly Suruç etrabynda guralan hüjümlerde ýaralananlary baryp gördi

346498
Premýer ministr Suruç etrabyna bardy

Hassahanadan gaýdyşyny beýanat beren Premýer ministr hüjümi guran adamyň anyklanmagy meselesinde uly öňe gidişlik edilendigini aýtdy.
Dawutogly “Häzirki wagtda DAEŞ bilen arabaglanşygyň we kamikaze hüjüm ähtimallygynyň üstünde durulýar” diýdi.
Toparyň hüjümiň guralan ýerine gelmezinden ozal iki adamyň saklanandygyny aýdan Dawutogly, ähli syýasy partiýalara terrorçylyga garşy göreşde bilelikde işleşmek üçin çagyryş etdi.
Serhet howpsyzlygy barasynda-da durup geçen Premýer ministr “Ertir geçiriljek ministrler kabinetiniň mejlisinde serhet howpsyzlyk barada iş meýilnamasyna serediler” diýdi.
Dawutogly Suruç etrabyndan soň Adyýaman welaýatynda şehit bolan žandarm hünärmen onbaşy Müsellim Ünal üçin Adyýamanda geçiriljek hatyralama çäresine gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar