Hüjümi ýazgaran syýasatçylar halky jebislige çagyrdy

Prezident R.T.Erdogan hüjüm baradaky beýanatyny DKTR-da berdi

346318
Hüjümi ýazgaran syýasatçylar halky jebislige çagyrdy

Waka bilen ýakyndan gyzyklanýan Erdogan: “Bu wagşylygy edenleri öz adymdan we milletimin adyndan ýazgarýaryn, näletleýärin” diýdi.
Terrorçylyga garşy halkara derejesinde göreşilmelidigini ýatladan Erdogan: “Terror nireden gelse gelsin, näletlenmeli, terroryň dini, kowumy, watany, milleti ýok” diýdi.
Waka bilen ýakyndan gyzyklanýan Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Wise-Premýer Numan Kurtulmuşa, İçeri işler ministri Sebahattin Öztürk bilen Zähmet we sosial üpjünçilik ministri Faruk Çelige etraba gidip, waka bilen ýerinde tanyşmaklary üçin görkezme berdi.
Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Beşir Atalaý Suruç etrabyndaky partlamadan soň halky parasatlylyga çagyrdy.
Atalaý: “Ýurdumyzyň jebisligi we bitewiligini nyşana alan terrorçylykly hüjüme garşy hemmeleri jebislige we parasatlylyga çagyrýaryn” diýdi.
Wise-Premýer Ýalçyn Akdogan hem hüjümi näletledi.
Mediany sagdyn pikirli çemeleşmäge çagyran Akdogan: “Türkiýä, milletimiziň jebisligine we agzybirligine, asudalyga hem-de parahatçylyga garşy guraşan bu terrorçylykly hüjümler maksadyna asla ýetip bilmez” diýdi.
Respublikan halk partiýasy bolsa hüjümiň guralan ýeri bolan Suruç etrabyna topar ugratdy.
Partiýanyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem twitter hasabyndan hüjüm barasynda beýanat berdi.
Kylyçdarogly: “Suruçdaky hyýanatçylykly hüjüm ýüregimize ot saldy. Ýaşajyk ogullarymyzy ýitirmegiň gussasy agyr” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar