Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär

Amara medeniýet merkeziniň öňünde sagat 12.00 töweregi uly partlama boldy

382774
Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär

Şanlyurfanyň Suruç etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy.
Suruç etrabynda Amara medeniýet merkeziniň öňünde sagat 12.00 töweregi uly partlama boldy.
Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 28 adam ýogaldy, 100-e golaý adam hem ýaralandy.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýändigi” nygtaldy.
Beýanatda “Golaýdaky keselhanalarda 100-e golaý raýatymyz bejeeriş astyna alyndy” diýildi.
Suruçdaky partlamadan soň Premýer ministrlikde krizis stoly döredildi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar