Premýer ministr Halklaryň demokrtik partiýasynda duşuşyk geçirdi

Koalisiýa gepleşikleriniň birinji tapgyrynyň soňkysy Halklaryň demokratiýanyň partiýasynynyň ýolbaşçylary bilen bilen geçirildi

345446
Premýer ministr Halklaryň demokrtik partiýasynda duşuşyk geçirdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly we bileligindäki wekiliýet Halklaryň demokratiýa partiýasynyň ýolbaşçylary bilen partiýanyň merkezi ofisinde 2 sagada golaý dowam eden duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň içgin şetlerde geçendigini aýdan Dawutogly: “Daş-töweregimizdäki dartgynlygyň Türkiýä gelmegini islemeýän bolsak, parahatçylyk isleýän bolsak, basyşa we çaknyşyga garşy bilelikde göreşilmeli” diýdi.
Duşuşykda Premýer ministr Dawutoglyna Wise-Premýer Ýalçyn Akdogan, Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker, ozalky içeri işler ministri Efkan Ala, Adyýaman welaýatynyň halk deputaty Adnan Boýnukara we Erzurum welaýatynyň halk deputaty Zehra Taşkesenogly ýoldaşlyk etdi.
Halklaryň demokratik partiýasynyň koalisiýa gepleşiklerine gatnaşan wekiliýetiniň düzüminde bolsa esasan İmraly toparynyň agzalary bardy.
Halklaryň demokratik partiýasynyň egindeş başlygy Selahattin Demirtaş we Figen Ýüksekdag bilen birlikde partiýanyň Mejlisdäki toparynyň başlygynyň orunbasary İdris Baluken we Perwin Buldan, Ankara welaýatynyň halk deputaty Syrry Süreýýa Önder bilen partiýanyň Merkezi dolandyryş geňeşiniň agzasy Zeýnep Karaman duşuşyga gatnaşdylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar