Biz üçin esasy zat Türkiýäniň bähbitleridir

Wise Premýer Ýalçyn Akdogan: “Biz üçin esasy zat Türkiýäniň bähbitleridir” diýdi

333588
Biz üçin esasy zat Türkiýäniň bähbitleridir

Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara şäheriniň Mamak etrabynda beren agzaçaryna gatnaşan Wise Premýer Ýalçyn Akdogan hökümet gurmak üçin alynyp barylýan işler barada durup geçdi.
Partiýasynyň koalisiýa hökümetini gurmak meselesinde gyzyl çyzgylaryň ýokdygyny nygtan Akdogan: “Emma ýörelgelerimiz bar. Biz üçin esasy zat Türkiýäniň bähbitleridir” diýdi.
8-nji iýunda täze bir sahypanyň açylandygyna ünsleri çeken Akdogan ýurduň täze bir etapa geçendigini nygtady.
Siriýada içerki soweşiň dowam edýändigini, Yragyň, Liwanyň, Ukrainanyň we Gruziýanyň kynçylykly günleri başyndan geçirýändigini nygtan Akdogan: “Türkiýe durnuklylyk adasy we heýkeli. Muny goramalydyrys” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar