Milli Howpsyzlyk geňeşi Siriýa gün tertibi bilen jemlenşer

Geňeşde Türkiýe-Siriýa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar seljerler

324094
Milli Howpsyzlyk geňeşi Siriýa gün tertibi bilen jemlenşer

Milli Howpsyzlyk geňeşi şu gün Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde jemlenşer.
Geňeşde Türkiýe-Siriýa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar seljerler.
Serhetýakasynda görüljek çäreler, sebitiň demografik gurluşygyny üýtgedip biljek hereketler we göç tolkuny ýaly meseleler Milli Howpsyzlyk geňeşinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.
Geňeşe Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel, Wise-premýerler, degişli ministrler we serkerdeler gatnaşar.
Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidanyň serhetdäki soňky wakalar barada geňeşiň agzalaryna maglumat bermegine garaşylýar.
Milli Howpsyzlyk geňeşinde “Paralel gurluşa” garşy göreş meselesi hem gün tertibine getirler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar