Dawutogly Liwiýa-Tripoliniń Premýer ministri Gawini kabul etdi

Türkiýe Liwiýa goldaw bermäge dowam eder

322806
Dawutogly Liwiýa-Tripoliniń Premýer ministri Gawini kabul etdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Liwiýa-Tripoliniń Premýer ministri Halife Al Gawini kabul etdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyń Stambuldaky kabulhanasynda bolan duşuşyk metbugata ýapyk ýagdaýda geçdi.
1 sagat dowam eden toparara duşuşyga Milli howpsyzlyk gullugynyń başlygy Hakan Fidan hem gatnaşdy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly duşuşykda Liwiýada BMG-nyń gözegçiligi astynda dowam etdirilýän syýasy dialog etabyna Türkiýäniń goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar