Türk toparynyň Ysraýyldan çykarylmagy

7 türk raýaty Stambula dolandy

Türk toparynyň Ysraýyldan çykarylmagy

“Sadakataşy” jemgyýetçilik guramasy bilen İýerusalime giden we howa menzilinde saklanyp, sorag edilenden soň ýurtdan çykarylan 2 sanysy metbugat işgäri 7 adam Türkiýä geldi.
Toparyň düzümindäki TRT-niň habarçysy Hüseýin Günaýyň we operatör Özden Aýwazyň Ysraýyla girmegine rugsat berildi.
Metbugat işgäri Halime Gökçe, “Ülke” teleýaýlymynyň baş redaktory Hasan Öztürk, “Mermur-Sen” kardeşler arkalaşygynyň başlygynyň orunbasary Lewent Uslu, “Sadakataşy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Kemal Özdal, guramanyň işgärleri Dürdane Özdal, Fatih Boljan we Sümeýra Boljan Türk howaýollarynyň tarifli sapary bilen Stambula dolandy.
“Sadakataşy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Kemal Özdal şu ýyl üçünjisi guraljak Mesjidi Aksa agzaçary üçin Ysraýylyň üstaşyr Palestina barmak isländiklerini, emma Ysraýylda saklanandyklaryny, telefonlarynyn alynyp, sorag edilendiklerini aýtdy.
Özdal hiç hili sebäp görkezilmezden ýedi adamyň deport edilendigini we 10 ýyl möhlet bilen İýerusalime, Palestina barmaklarynyň gadagan edilendigini nygtady.
Kemal Özdal “ Hormatly Prezidentimiziň başdan durmagynda, Premýer ministrimiz we daşary işler ministrligimiziň ýolbaşçylary biziň bilen gyzyklandylar. Meseläniň çuňlaşmagynyň öňi alyndy” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar