Siriýa meselesi Malatýada seljerildi

“Siriýanyň hökümeti güýçden gaçmaga başlady"

Siriýa meselesi Malatýada seljerildi

Malatýa şäherinde “Siriýa;gutarmaýan krizis” atly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşan Siriýanyň Milli koalisiýasynyň başlygy Halid Hoja TRT-ä beren beýanatynda “Siriýanyň hökümeti güýçden gaçmaga başlady” diýdi.
Malatýada Siriýaly bosgunlaryň bolýan düşelgelerine baryp gören Halid Hoja Siriýadaky soňky ýagdaý barada maglumat berdi.
Asadyň yza çekilen ýerlerini bilkastlaýyn ýagdaýda terror guramasy DAİŞ-e berýändigine ünsi çeken Halid Hoja, terror guramasynyň esasan hem Homus şäheriniň gündogarynda ýerleşýän taryhy Palmira şäheriniň gözegçiligini ele geçirenden soň şäherdäki ýarag ammaryndan peýdalanyp günorta tarap barýandygyny we Halap şäherinde hem güýçlenendigini aýtdy.
Hoja demokratiýa taýdan Türkiýeden görelde alýandygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar