Klimkin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri TRT Türk kanalyna beýanat berd

273494
Klimkin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Pawlo Klimkin NATO-nyň maslahatyna gatnaşmak üçin Antalýa geldi.
Daşary işler ministri Klimkin Ukraina-Türkiýe gatnaşyklarynyň başda durmagynda Krym tatarlarynyň ýagdaýy we Russiýanyň Krymy anneksirlemegi ýaly birnäçe mesele barasynda TRT Türk kanalyna beýanat berdi .
Klimkin Krym tatarlary meselesiniň Ukrainanyň esasy meselelerinden biridigini aýtdy.
Türkiýäniň Krym meselesinde deňagramly syýasat alyp barýandygyny aýdan Klimkin, Krym tatarlarynyň söz azatlygynyň ähmiýetini dünýä ýurtlaryna düşündirmäge synanşjakdyklaryny belledi.
Türkiýäniň Ukrainanyň territorial bitewiligine, özbaşdaklygyna we syýasy jebisligine berýän goldawy sebäpli minnetdarlygyny bildiren Klimkin, Türkiýe bilen edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi taýdan iki tarapyň hem jogapkärçilikli hereket etmelidigini ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar