Prezident Erdogan Kuweýt saparyny tamamlady

Prezident R.T.Erdogan “kürt meselesi” sözüni ulanmagyň diskriminasiýa boljakdygyny aýtdy

254217
Prezident Erdogan Kuweýt saparyny tamamlady

Kuweýde guran 2 günlük resmi saparyny tamamlan Erdogan Türkiýä gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.
“Çözgüt etabynda tarap ýok, Döwlet bar” diýen Erdogan sözlerini : “İki taraply oturylan stol ýok. Şeýle bolan halatynda döwletiň dargamagy diýmeklikdir” diýip dowam etdirdi.
Çözgüt etaby üçin Synçy toparyň döredilmeginiň hökman däldigini hem nygtan Prezident Erdogan, indi ýaraglaryn taşlanmalydygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Prezident R.T.Erdogan geçen eden çykyşlaryndan birinde-de “Kürt meselesi ýok, kürt doganlarymyň meseleleri bar” diýipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar