"Harby arhiwlerimizi açmaga taýardyrys"

Erdogan ermeni diasporasynyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada öňe sürýän garaýyşlarynyň asylsyzdygyny belledi

"Harby arhiwlerimizi açmaga taýardyrys"

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde harby arhiwlerini açmaga taýardygyny aýtdy.
Prezident Erdogan Çanakgala ýeňişiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Stambuldaky Kongres merkezinde geçirlen Parahatçylyk maslahatyna gatnaşdy.
Prezident Erdogan maslahatda I-nji jahan urşunyň aýlawly ýollardan dowam edýändigini nygtady we asudalyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Erdogan ermeni diasporasynyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada öňe sürýän garaýyşlarynyň asylsyzdygyny belledi we ÝB-ne ýüzlendi: “Bir milliona golaý resminamanyň bardygyny aýdýaryn. Hatda biz harby arhiwlerimizi hem açmaga taýar diýýärin. Biz hiç zatdan gorkmaýarys we hiç hili aladamyz ýok. Biz ata-babalarymyzyň hiç kime zulum etmändigine ynanýarys”diýip belledi.
Prezident Erdogan başdan geçirlen wakalar barada ikinji ýüzlenmäniň şu gün Çanakgalada geçiriljek hatyralama çäresinde beriljekdigini belledi.
Prezident Erdogan Ermeni diasporasyna goldaw berýänleri onlaryň gynanjyny paýlaşýanlary ýogalan 4 million türkiň hem gynanjyny paýlaşmaga çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar