Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri bilen duşuşdy

Mewlüt Çawuşogly bilen Jon Kerri maý aýynda Antalýada duşuşar

245583
Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary  Kerri bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy.
Kerri bilen Çawuşogly Türkiýe bilen ABŞ-nyň ýadro ýaragsyzlanma meselesinde şol bir garaýşa eýedigini aýtdy.
Jon Kerri terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde tutanýerlilige ünsi çekdi we şol göreşde Türkiýäni esasy hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirdi.
Çawuşogly “12 müň 800 adamyň Türkiýä girmegini gadagan etdik, daşary ýurtly 1300 söweşini deport etdik. Emma beýleki ýurtlar hem elinden geleni etmeli” diýip belledi we maglumat çalşygynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Jon Kerri Kipr meselesinde taraplaryň 2015nji ýylda ylalaşyk gazanjakdygyna ynanýandyklaryny belledi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri maý aýynda Antalýada ýaňadandan duşuşjakdyklaryny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar