Çawuşogly ABŞ-daky saparyny tamamlady

Daşary işler ministri Çawuşogly resmi Waşingtonyň 1915-nji ýyldaky wakalara bolan çemeleşmesinde haýsydyr bir özgerlişik görmändigini aýtdy

245389
Çawuşogly ABŞ-daky saparyny tamamlady

ABŞ-daky saparyny tamamlan Çawuşogly Waşingtondan gaýtmazyndan ozal TRT-niň soraglaryna jogap berdi.
Kärdeşi Jon Kerri bilen duşuşan Mewlüt Çawuşogly: “Biziň duşuşyklarymyzadan çykaran netijäm Amerikanyň çemeleşmesinde, Amerikan hökümetiniň çemeleşmesinde beýle uly tapawutlylyk ýok. Tapawutlylygyň hem bolmajakdygy dogursynda. Emma 24-nji aprelde Obamanyň beýanatynda göreris. Biz haýsydyr bir özgerlişigiň boljakdygyny pikir etmeýäris” diýdi.
Ermenistana çagyryşyny ýene-de bir gezek gaýtalan Çawuşogly: “Biz şu günki güne çenli ynsanperwer çemeleşip, Ermenistan bilen bu meseleleri özara çözmek isleýändigimizi görkezdik. Ermenistan we ermeni lobbileri şu ýyl, 1915-nji ýyldaky wakalaryň 100-nji ýylynda gynansagam mejlislere we syýasatçylara basyş edip, karar çykartmaga synanşýar. Emma onuň Ermenistana ýa-da 1915-nji ýylda musulmany, ermenisi bilen pida bolan adamlar üçin peýdasy ýok. Biz şol hatyralama çäreleriniň bilelikde geçirilmegini isleýäris” diýdi.
Siriýaly oppozisionerler üçin tälim ber-üpjün et meýilnamasynyň geljek aý başlajakdygyny ýatladan Çawuşogly, Siriýada syýasy çözgüt tapylmadam meseleleriň çözülmejekdigini hem aýtdy.
Ministr Çawuşogly daşary ýurtly söweşijiler barasynda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişiljekdigini hem mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar