Çawuşogly Kerriniň çakylygyna laýyklykda ABŞ-da saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly kärdeşi Jon Kerriniň çakylygyna laýyklykda ABŞ-da sapar bolýar

242232
Çawuşogly Kerriniň çakylygyna laýyklykda ABŞ-da saparda bolýar

Meriland ştatyndaky Türk-Amerikan swilizasiýa we medeniýet merkezine baryp gören Çawuşogly, alynyp barylýan işler bilen tanyş boldy.
Çawuşogly soň günorta naharynda musulman jemagatynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ol ýerde eden çykyşynda yslamafobiýa ünsleri çeken Çawuşogly: “Gynansagam Al Kaýda we DAİŞ ýaly terror guramalary dünýädäki ähli musulmanlaryň abraýyna zeper ýetirýär. Ählimiziň borjy amerikalylara we degişli ýolbaşçylara DAİŞ-iň ne döwlet ne-de yslamdygyny düşündirmeklik” diýdi.
Ministr Çawuşogly 24-nji aprele birnäçe gün galanda guran saparynda ermeni diasporasynyň işjeň ýagdaýda Türkiýä we musulmanlyga garşy tagalla edýändigini hem ýatlatdy.
1915-nji ýylda ýogalan musulmanlar bilen birlikde ermenileriň hem gynanjyny bölüşýändiklerini nygtan Çawuşogly, ABŞ-da ýaşaýan musulman jemagatyny 24-nji aprelde Waşingtonda geçiriljek “Parahatçylyk we arkalaşyk” ýörişine gatnaşmaga çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar