Ispaniýada 3 türk ýogaldy

Waka bilen baglanşykly derňew işi geçiriler

235918
Ispaniýada 3 türk ýogaldy

Halkara taslamanyň çäginde Türkiýäniň Çanakgala welaýatynyň Gelibolu etrabynyň Anafartalar adyndaky hususy bilim mekdebinden Ispaniýa ugradylan 10 okuwçydan we 2 mugallymdan gussaly habar geldi.

Malaga şäheriniň Marbella syýahatçylyk zolagyna dynç almaga giden okuwçylar Şakir Çelik we Serdar Fidan bilen mugallymlary Ümit Nalbant suwda gark bolup ýogaldy.

Hassahanada bejeriş astyna alynan 4-nji okuwçynyň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Marbella etrabynyň häkimi etrapda 3 günlük ýas yglan etdi.

Endulisiň gubernatory waka bilen baglanşykly derňew işleriniň geçirilmegini isledi.

Ispaniýanyň habarlar gullugy plýažda halas edijileriň ýokdugyna we deňiziň çuňlugyny görkezýän baýdagyň asylmandygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar