Daşary işler ministri Çawuşgolynyň beýanaty

Çawuşgoly Papanyň beýanatyna berk garşylyk görkezdi

Daşary işler ministri Çawuşgolynyň beýanaty

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Papa Bosniýada serpler tarapyndan edilen genoside, şol barada kazyýet kararynyn bardygyna garamazdan genosid diýmedi. Çünki Bosniýadakylar musulman” diýdi.
Papanyň haýsydyr bir kazyýet, BMG ýa-da taryhçylaryň kararynyň bolmandygyna garamazdan, umumy tragediýa bolan 1915-nji ýyldaky wakalara genosid diýip bilendigini nygtan ministr Çawuşogly, “Hemmeleriň gözüniň öňünde duran Hojalyda ermeniler tarapyndan gyrylan azerbaýjanlylary näme üçin hatyralamaýarsyňyz? Eger gussalary hatyralaýan bolsaňyz ony näme ýatdan çykardyňyz? Ruandadaka kazyýet kararynyň bardygyna garamazdan näme üçin genosid diýip bileňizok?” diýdi.
Ministr Çawuşogly Papanyn biri-birine bap gelmeýän, dolulygyna dini milletparazlygyň, lobbileriň we propogandalaryn täsiri astynda galyp beren beýanatlarynyň Papalyga we şahsy ygtybaryna zeper ýetirendigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar