"Papanyň sözleri Türkiýe we türk milleti üçin ýok höküminde"

Papa Fransiskiň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly ermenileriň bir taraply tezisrlerini gaýtalaýan äheňdäki sözleri resmi Ankarada berk reaksiýa döretdi

234482
"Papanyň sözleri Türkiýe we türk milleti üçin ýok höküminde"

Premýer ministr Dawutogly Papanyň sözlerini: “Diýseň ýerliksiz, esassyz we ýalňyş beýanat” diýip, häsýetlendirdi.
Dawutogly dini liderleriň birinji wezipesiniň adamlary jebislige we parahatçylyga çagyrmaklykdygyny nygtap, “daşarky faktorlar bolmadyk bolsady, belkem 1915-nji ýylda başdan geçirilen gussaly wakalarda ýüze çykmazdy” diýdi.
Beýleki tarapdan daşary işler ministrligine çagyrylan Watikanyň Türkiýedäki ilçisi Antonio Lusibello Türkiýäniň garaýyşlary beýan edildi.
Dalşary işler ministrliginden mesele boýunça berilen beýanatda bolsa Papanyň sözlerinin Türkiýe we türk milleti üçin ýok hökmündeligi nygtaldy.
Beýanatda Papanyň çekilen gussalaryň arasynda diskirminisa edýändigi nygtalyp, Bosniýada we Ruandada halakra ygtyýarly kazyýetler tarapyndan gyrgynçylyklaryň bolandygy kesgitlenip, gussaly wakalar “köpçülikleýin gyrgynçylyk” hökmünde beýan edilýändigi, 1915-nji ýyldaky wakalar barada hiç hili kazyýet kararynyň bolmandygy ýatladyldy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem “Papanyň taryhy we hukuky hakykatlardan daşda düşýän beýanaty kabul edilip bilinmez. Dini wezipeler asylsyz töhmetler bilen öýke-kinä we ýigrenje meçen berme ýeri däl” diýdi.
Türkiýäniň Watikandaky ilçisi Mehmet Paçajy hem Papa Fransiskiň 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky beýanatyndan soň maglumat almak üçin Türkiýä çagyryldy.
Papa Fransisk Watikanda ermeniler üçin geçirilen dini dabarada 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly ermenileriň bir taraply tezislerini ýaňzydýan sözler aýdypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar