Türk Daşary işler ministrliginiň betýanaty

“Türkiýe maslahata gatnaşmak barada talap bildirmedi”

286085
 Türk Daşary işler ministrliginiň betýanaty

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Türkiýäniň Arap ligasynyň maslahatyna synçy hökmünde gatnaşmaga talap bildirendigi baradaky habarlaryň esassyzdygyny we Türkiýäniň şeýle talap bildirmändigini aýtdy.
Tanžu Bilgiç Türkiýäniň Arap ligasynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň bökdelendigi barada metbugatda çykan harlar bilen bagly soraglara beren jogabynda: “Müsüriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanylyp ýurdumyzyň 2015-nji ýylyň 28-29-njy marty aralygynda geçirilen Arap ligasynyň ýokary derejeli maslahatyna synçy hökmünde gatnaşmaga talap bildirendigi baradaky habarlar esassyzdyr. Türkiýe şeýle talap bildirmedi” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar