Şu gün Dardanel deňiz ýeňişiniň 100-njy ýyly...

Dardanel ýeňişi taryhyň akymyny üýtgeden beýik ýeňişdir

270002
Şu gün Dardanel deňiz ýeňişiniň 100-njy ýyly...

Şu gün 18-nji mart Dardanel deňiz ýeňişiniň 100-njy ýyly we Şehitleri hatyralama güni.
Dardanel ýeňişi taryhyň akymyny üýtgeden we döwrüň soňky tehnalogiýalaryna laýyklykda öndürlen ýaraglara garşy gazanylan beýik ýeňişdir.
Dardanel söweşi 1-nji jahan urşy ýyllarynda 1915-1916-njy ýyllaryň aralygynda Gelibolu Ýarymadasynda Osmanly döwleti bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky deňiz we gury ýer söweşleriniň ady.
Şol söweşde bir halkyň gahrymançylyk dessany ýazyldy.
Duşman güýçleri ilki deňizden Dardanel bogazyny geçmäge çalyşdy. Başaryp bilmändikleri üçin hem gury ýerden hüjüme geçdiler.
Emma duşman türk esgeriniň gaýduwsyz göreşi netijesinde yzyna serpikdirildi we duşman güýçler maksadyna ýetip bilmedi.
Dardanel deňiz ýeňişiniň 100 ýyllygy Türkiýäniň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär we şehitler üçin aýat-töwir edilýär.
Çanakkalede geçiriljek dabaralara Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen birlikde köp sanly ministr gatnaşýar.
Ýüzünde “Çanakkale alınıp bilinmez”! diýlip ýazylan altyn medal 253 müň şehidiň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň baýdagyna dakyldy
Gelibolu Ýarymadasyndaky Şehitler ýadigärliginde hem dabara geçirler.
Harby gämileriň deňizdeň geçmeginden we harby uçarlaryň çykyşyndan soň halk şehitlikde aýat-töwir eder.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar