Milli Goranmak ministri resmi sapar bilen Yraga bardy

Ýylmaz saparynyň çäginde ilki Yragyň Goranmak ministri Halit Al Ubeýdi bilen duşuşdy

248131
Milli Goranmak ministri resmi sapar bilen Yraga bardy

Milli Goranmak ministri Ismet Ýylmaz resmi sapar bilen Yraga gitdi.
Ministr Ýylmaz paýtagt Bagdatdaky halkara howa menzilinde Yragyň Goranmak ministrliginiň Baş sekretary İbrahim Lami we Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Faruk Kaýmakçy bilen birlikde käbir ýolbaşçylar tarapyndan garşylandy.
Milli Goranmak ministri Ýylmaz saparynyň çäginde ilki Yragyň Goranmak ministri Halit Al Ubeýdi bilen duşuşdy.
Duşuşyk metbugata ýapyk ýagdaýda geçirildi.
Ministr Ýylmaz saparynyň çäginde Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi, Parlamentiň başlygy Selim Al Juburi, İçeri işler ministri Muhammed Salim Al Gabban bilen hem duşuşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar