Dawutogly Portugaliýa we ABŞ-na gider

Dawutogly mart aýynyň 3-7-si aralygynda Portugaliýada we ABŞ-da saparda bolar

240891
Dawutogly Portugaliýa we ABŞ-na gider

Premýer ministr Ahmet Dawutogly mart aýynyň 3-7-si aralygynda Portugaliýada we ABŞ-da saparda bolar.
Mesele barasynda berlen beýanata görä, Dawutogly 3-nji martda Portugaliýanyň ozalky Prezidenti we Medeniýetara Arkalaşygyň ilkinji ýokary derejeli wekili Sampaio bilen duşuşar.
Dawutogly Lissabondaky merkezi metjide baryp görer we musulman jemgyýetleriniň wekilleri bilen duşuşar hem-de şehit diplomatlaryň hormatyna gurlan ýadigärlige gül desselerini goýar.
Portugaliýanyň Prezidenti Kawako Silwa tarapyndan kabul ediljek Dawutogly, Portugaliýanyň Premýer ministri Pedro Passos Koelho bilen duşuşar.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Porgutaliýaly kärdeşi Koelhonyň hormatyna berjek resmi naharynda soň ABŞ-na gider.
Dawutogly ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde amerikaly işewür adamlary we BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşar.
Premýer ministr saparynyň çäginde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde “Bütin dünýä aýal-gyzlar gününe” bagyşlanyp geçiriljek çärelere hem gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar