Çawuşogly Azerbaýjanda saparda

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

237051
Çawuşogly Azerbaýjanda saparda

Mewlüt Çawuşogly ilki bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Ikiçäk görüşme 1 sagat dowam edip, duşuşykda iki döwlediň arasyndaky gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.
Mewlüt Çawuşoglynyň sapary 2 gün dowam eder. Ol Azerbaýjanyň Premýer ministiri Artur Rasizade, Mejlisiň başlygy Oktaý Asadow we Daşary işler ministiri Elmar Memmedýarow bilen hem duşuşar.
Çawuşogly ertir Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Hojaly Gyrgynçylygyna bagyşlanyp geçiriljek hatyralama çäresine gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar