Jemil Çiçek Kanadada saparda bolýar

Çiçek Kanada guraýan saparynyň çäginde ilki Şehitler ýadigärligine baryp gördi

229983
Jemil Çiçek Kanadada saparda bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jeml Çiçek Kanada guraýan saparynyň çäginde ilki Şehitler ýadigärligine baryp gördi.
Ermeni Asala terror guramasy tarapyndan şehit edilen palkonwik Atilla Altykatyň gubyryna gül desselerini goýan Jemil Çiçek “Halkara jemgyýetçiligi terrorçylyga garşy göreş mesesinde iki ýüzli çemeleşmäge dowam eden halatynda ýene-de köp sanly adam ýogalar”diýip belledi.
Jemil Çiçek soň bolsa Kanadanyň Senadynyň başlygy Piýer Klod Bilin bilen duşuşdy.
Özara we toparara gepleşiklerden soň Mejlisiň başlygy Jemil Çiçek hormatyna berlen günorta naharyna gatnaşdy.
Jemil Çiçek saparynyň çäginde Kanadanyn Awam Kamarasynyň başlygy Endrýuw Şiýyr bilen hem duşuşdy

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar