Dawutogly Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Dawutogly bilen Abadi sebitdäki terror howpy barada hem pikir alyşdy

226898
Dawutogly Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Yragyň Premýer ministri Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
İki kärdeş Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar, YSYS terror guramasyna garşy göreş, Mosulyň terrorçylardan halas edilmegi we nebit meselesi barada pikir alyşdy.
Mesele barasynda daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda iki kärdeşiň Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekendigi nygtaldy.
Dawutogly bilen Abadi sebitdäki terror howpy barada hem pikir alyşdy.
Yragyň Premýer ministriniň terror guramasyna garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigine aýratyn ünsi çekendigi ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar