Tälim ber-üpjün et şertnamasyna gol çekişildi

Şertnama siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berilmegini öz içine alýar

224923
Tälim ber-üpjün et şertnamasyna gol çekişildi

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berilmegini öz içine alýan tälim ber-üpjün et meýilnamasy baradakyşertnama Ankarada gol çekişildi.
Şertnama Daşary işler ministriniň orunbasary Feridun Sinirliogly bilen ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Jon Bass gol goýdy.
Sinirliogly şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçiriljek esasy tasmalardan biri boljakdygyna ünsi çekdi.
ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Bass hem “Birlikde işleşen halatymyzdan hemişe has güýçli bolarys we bize hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek pursadyny döredýän resmi şertnama hem biziň üçin hem-de sebitimiz üçin diýseň möhüm”diýip belledi.
Tälim ber-üpjün meýilnamasynyň gysga wagtda güýje girmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar