Türkiýe Russiýa Krym meselesınde garşylyk görkezdi

Türkiýe rus polisiýasynyň Krym awtonom respublikasyndaky Tatar kanalyna operasiýa guranlygy sebäpli garşylyk görkezdi

202160
Türkiýe Russiýa Krym meselesınde garşylyk görkezdi

Rus polisiýasy 26-njy ýanwarda duşenbe güni Akmesjitde ýerleşýän Krym Tatar kanaly ATR-ny 7 sagatlap barlady we kanala degişli bolan tekniki enjamlaryny aldy.
Türkiýe bu eden etdiligi ýagny metbugatyň azatlygyny bozýan ýagdaýlary kabul edip bolmajakdygyny aýtdy.
Daşary işler ministirliginiň beýanatynda: "Krymda ýaşaýan tatarlaryň ATR tele-kanalyny gysaja almalydäl we gorkuzmaly däl, kanal erkin ýagdaýda işlemeli. Krymly kowumdaşlarymyz erkinlik bilen habar alyp bilmelidir. Türkiýe öz garaýyşlaryny hemişe demokratik ýollaryň üsti bilen beýan eden Krym tatar kowumdaşlarymyzyň hukuklaryny her platformada gorarys we ýagdaýlaryny gözden düşürmeris" diýip beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar