Nigerýanyň Daşary işler ministri Ankara geldi
“Boko Harama garşy göreş dowam eder”
Nigerýanyň Daşary işler ministri Aminu Bashir Wali Nigerýada soňky aýlarda köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Boko Haram terror guramasy tarapyndan guralýan hüjümler barada “terror guramasyna garşy tutanýerli tutum alyp bararys” diýdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda Baş ilçileriň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Ankara gelen myhman ministr Wali terror guramasy Boko Harama garşy 2015-nji ýylda alnyp baryljak göreş barada maglumat berdi.
Nigerýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar barada hem durup geçen Wali “Soňky 30-40 ýylda Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris” diýdi
Ministr Wali Türkiýaniň Afrika başlangyjy barada bolsa “Türkiýe soňky 10 ýylda Afrikada uly maýa goýumlar goýýar. Türkiýe Afrikada has uly işleri durmuşa geçirer”diýip belledi.