Erdogan Sibsini gazanan üstünligi bilen gutlady

Sibsä täze wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi

156487
Erdogan  Sibsini gazanan üstünligi bilen gutlady

Prezident R. T. Erdogan Tunisde geçirlen Prezident saýlawynyň ýeňijisi Al Baji As Sibsini gazanan üstünligi bilen gutlady.
Prezident Erdogan Sibsä telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde Tunisiň demokratiýa taýdan ösmeginiň sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlara görelde boljakdygyny belledi we Sibsä täze wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.
A Sibsi hem Erdogana minnetdarlygyny bildirdi we Tunis bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar