D-8 Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Pakistanda148 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan gyrgynçylykdan soň 1 günlük ýas yglan eden Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

154592
D-8 Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

D-8 Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.
Ykdysady taýdan ösen 8 ýurduň hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Seýid Ali Muhammed Musawi Pakistanyň Peşawer şäherinde mekdebe guralan 132-si çaga 148 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan gyrgynçylykdan soň 1 günlük ýas yglan eden Türkiýä minnetdarlygyny bildirdi.
Hüjüme uly gynanç bildiren Musawi şuňa meňzeş hüjümleriň yslam äleminde we dünýäde indi başdan geçirilmezligini isledi.
Käbir yslan ýurtlarynda başdan geçirilýän içerki uruş barada durup geçen Musawi, wakalaryň çözülmegi üçin yslam ýurtlarynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar