Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Ankara geldi

Kameron Türkiýä guran iş saparynyň çäginde Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy

142633
Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Ankara geldi

Türkiýe soňky bir aýda ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdeniň, Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Watikanyň Döwlet ýolbaşçysy Papa Fransiskiň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogheriniň başda durmagynda ýokary derejeli ýolbaşçylary myhman aldy.
Ýokary derejeli saparlar Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen dowam edýär.
Dawid Kameron Türkiýä guran iş saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy.
İki kärdeş özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly duşuşykda esasan hem Siriýadaky we Kiprdaky soňky özgerlişikleriň seljerlendigini aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly “Siriýa we halkara terrorçylyga garşy göreş meselesinde Kameron bilen şol bir garaýa eýediris” diýip belledi.
Dawid Kameron Prezident R. T. Erdogan bilen iş naharynda duşuşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar