"Türk-iňlis Süýji dil forumy"

Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýän “Türk-iňlis Süýji dil forumynyň” 4-njisi Stambulda geçirildi

"Türk-iňlis Süýji dil forumy"

Çärede global ykdysadyýet we howpsyzlyk bilen birlikde köp sanly mesele gün tertibine geldi.
Foruma Prezident R.T.Erdogan bilen birlikde Britaniýanyň şasy Ýelizabeta 2-njiniň ogly Şazada Andrew hem gatnaşdy.
Prezident Erdogan düýn forumyň çäginde berilen resmi naharda Türkiýäniň ÝB-ne agzalygynyň özlerine goşjak goşandynyň ýanynda Ýewropa gerek bolan işjeňlige, global plýuralizme we hoş niýetlilige goşant goşjakdygyny belläp, Birleşen Şalygyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna berýän goldawyna sagbolsun aýtdy.
Erdogan halkara jemgyýetçiligine sebitdäki çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.
Sebitde akýan göz ýaşynyň diňmegi üçin halkara jemgyýetiliginiň işjeň tagalla etmelidigine ünsi çeken Erdogan “Türkiýe edil gapdalyndaky howplar bilen göreşmekde ygrarly, şol bir gaýratlylyga halkara jemgyýetçiliginden hem garaşýarys” diýdi.
Siriýada Başar Asada ynanylmaly däldigini nygtan Prezident Erdogan “Sebitin ykbaly şol bir wagtda biziň ykbalymyz” diýdi.
Erdogan “uçuşa gadagan zolak yglan edilmän halatynda, howpsyz zolak yglan edilmän halatynda, tälim ber-üpjün et ulgamy ýola goýulman halatynda ne Yrakda ne-de Siriýada netije alynyp bilinmez. Şonuň üçin hem Yragy we Siriýany aýry-aýry pikir etmäliň, ikisinem bilelikde pikir edeliň. İne şonda terrorçylyga garşy göreşden netije alarys” diýdi.
Türkiýe gelen bosgunlaryň ÝB-den ençeme esse köpdügini aýdan Preident Erdogan, Ýewropadan garaşylýan goldawyň we kömegiň gelmeýändigine hem sözleriniň üstüne goşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar