"Türkiýäniň ýagdaýyna doly göz ýetirýäris"

Putin Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly soraglaryna ýazmaça jogap berdi

208794
"Türkiýäniň ýagdaýyna doly göz ýetirýäris"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ankara gurajak resmi saparynyň öňüsyrasynda Anadoly Habarlar gullugynyň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar we halkara gün tertibi bilen bagly soraglaryna ýazmaça jogap berdi
Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatyna gatnaşmak üçin 1-nji dekabrda Türkiýä geljek Putin, Prezident R. T. Erdogan bilen energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen birlikde rus-türk gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny ýatlatdy.
Türkiýäniň Russiýanyň söwda taýdan ýakyn hyzmatdaşydygyny aýdan Putin saparynyň gün tertibinde ýokary tehnalogiýa önümlerine laýyklykda söwda mukdarymyzy ösdürmek meselesiniň hem esasy orun eýeleýändigini belledi.
Putin türk firmalarynyň Russiýa et-süýt, balyk, gök we miwe önümlerini eksport etmegine oňyn garaýandyklaryny ýatlatdy.
Putin ýurduna goýlan çäklendirmeleriň legal däldigini belledi we munyň dünýäniň durnuklylygyna howp salýandygyny ýatlatdy
Siriýada başdan geçirilýän wakalar barada hem durup geçen Putin “Türkiýäniň ýagdaýyna doly göz ýetirýäris” diýdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar