Türkiýe-Afrika dogan we strategik hyzmatdaş

2-nji Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk Maslahaty Ekwatorial Gwineýanyň paýtagty Malaboda öz işine başlady

199004
Türkiýe-Afrika dogan we strategik hyzmatdaş

Türkiýä wekilçilik edýän daşary işler ministrliginiň kömekçi geňeşçisi Ali Kemal Aýdyn, Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygynda täze döwrüň açyljakdygyny, Türkiýäniň hem-de Afrikanyň ileri tutýan ugurlarynyň tapawutlydygyny aýtdy.
Türkiýe bilen Afrikanyň biri-birinden daşda bolmandygyny nygtan Aýdyn, Afrika bilen dostluk we hyzmatdaşlyk etmekde ygrarlydyklaryna ünsi çekdi.
Ekwatorial Gwineýanyň daşary işler ministri Aýupito Mba Mokuý bolsa Türkiýäniň ekerançylyk bilen bagly taslamalar, oba ýerleriniň galkyndyrylmagy, raýat goranyşy, suw serişdeleriniň dolanşygy, makro we kiçi kärhanalar, howpsyzlyk, saglygy saklaýyş we transport ulgamy boýunça tejribelidigini, şol ugurlarda Türkiý-Afrika hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady.
Afrika Bileleşiginiň orunbasary Erastus Mwença bolsa Türkiýe bilen Afrikanyň arasynda ösen, şol bir wagtda-da ýokary dereje hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekip, Türkiýäniň ösen käbir pudaklarynda Afrika bilen tejribe alyşyp biljekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar