Erdogan Alžirde türk eserlerine baryp gördi

Prezident R.T.Erdogan Alžirde 1520-nji ýylda Barbaros Haýrettin Paşa tarapyndan gurdurlan Keçiowa metjidine bardy

199394
Erdogan Alžirde türk eserlerine baryp gördi

Metjitde gül desseleri bilen garşy alynan Prezident Erdogan alžirliler tarapyndan şowhun bilen ugradyldy.
Prezdient Erdogan Keçiowa metjidiniň medeni birligiň iň esasy subutnamasydygyny aýtdy.
Degişli ýolbaşçylar maglumat alan Prezident metjit bilen ýakyndan tanyş boldy.
Erdogan metjidin türk firmasy tarapyndan asyl nusgasyna laýyklykda abatlanmagynyň Alžire uly goşant goşjakdygyny aýtdy.
Erdogan “Bu eserlerde we şäherçede Alžirin estetiki dünýäsini görýärin. Geçmişden şu günki güne nähili gelip ýeten bolsa, geljege-de şeýle ýetirmek ýerlikli bolar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar