Premýer ministr Dawutogly Yraga sapar gurar

Saparyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen energetika we energetika howpsyzlygy meselesine garalar

195090
Premýer ministr Dawutogly Yraga sapar gurar

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Yragyň Premýer ministri Haýdar Al İbadiniň çakylygyna laýyklykda noýabr aýynyň 20-21-i aralygynda Yraga resmi sapar gurar.
Saparyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen energetika we energetika howpsyzlygy meselesine garalar.
YSYS terror guramasyna garşy göreşiň başda durmagynda halkara terrorçylyga garşy göreş meselesi hem gün tertibine getirler.
Premýer ministr Dawutoglynyň saparynyň çäginde Yragyň Prezidenti Fuad Masum, Yragyň Mejlisiniň başlygy Selim Al Jeburi we Premýer ministri Haýdar Al İbadi bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Dawutogly saparynyň çäginde türkmen halk deputatlary bilen hem duşuşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar