Liwiýada 9 türk zamun alyndy

Liwiýada ýaşaýan 9 türk raýaty harby topar tarapyndan zamun alyndy

190043
Liwiýada 9 türk zamun alyndy

Liwiýada ýaşaýan 9 türk raýaty Bengazy-Misuratanyň arasynda harby topar tarapyndan zamun alyndy.
Waka Daşary işler ministrligine telefon eden bir adamyň Bengazy şäherinde işleýän bir hossaryndan hiç hili habar alyp bilmeýändigini aýan etmeginden soň ýüze çykdy.
Telefon arkaly gelen habardan soň konsullygyň ýolbaşçylary ady agzalýan adamlaryň ýagdaýy hakynda maglumat almaga çalyşdy.
31-nji oktýabrda Liwiýany terk etmek üçin Bengazyden Misurata gitmek üçin ýola çykan 9 türk raýatynyň harby topar tarapyndan zamun alynandygy nygtaldy.
Daşary işler ministrligi 9 türkiň ýagdaýy barada Liwiýanyň Türkiýedäki ilçihanasynda maglumat sorady.
Daşary işler ministrliginiň waka bilen ýakyndan gyzyklanýandygy habar berildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar