Kömür känindäki pajyganyň 6-njy güni
Karaman welaýatynyň Ermenek etrabyndaky kömür känlerinden birini suw almagy sebäpli ýeriň aşagynda galan 18 işçini halas edişleri yzgiderli dowam edýär
Magdanyň içindäki suwuň esasy bölegi boşadyldy. Magdandan laý we gyryndy çykarylmaga dowam edilýär. Emma magdançylardan henizem habar ýok.
Energetika we tebigy serişdeler minsitri Taner Ýyldyz bilen transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwan gije 03:00-da magdana girip, alynyp barylýan işler bilen tanyş boldy.
Ertiriň irki sagatlarynda magdan käniniň golaýynda hereketli pursatlar başdan geçirildi.
Polis we žandarm güýçleri magdan zolagynda howpsyzlygy berkitdi.
3 inedördül kilometr meýdana magdanyň içinde galan işçileriň birinji derejeli hossarlaryndan başga hiç kim kabul edilmeýär.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Rutte telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy