Erdoganyň Latwiýa sapary dowam edýär

Prezident R.T.Erdogan Baltika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Latwiýada bolýar

168061
Erdoganyň Latwiýa sapary dowam edýär

Saparyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby.
Prezident Erdogan Latwiýada resmi dabara bilen garşylandy.
Erdogan dabaradan soň kärdeşi Andris Berzins bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.
İki ýurduň lideri toparara gepleşiklerden soň özara hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol goýdular.
Soň bolsa bilelikde metbugat ýygnagy geçirildi.
Azatlyk ýadygärligine gül desselerini goýan Prezident Erdogan soň bolsa Türkiýe-Latwiýa İşewürler maslahatyna gatşandy.
Latwiýanyň Mejlisiniň Başlygy Solwita Aboltina Prezident Erdoganyň hormatyna günorta naharyny berdi.
Erdogan agşam bolsa Latwiýanyň Prezidentiniň öz hormatna berjek resmi naharyna gatnaşar.
R.T.Erdogan soň bolsa Estona gider.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar