Premýer ministr Dawutogly Al Žazira interwýu berdi

Dawutogly Siriýa meselesi baradaky garaýyşlaryny beýan etdi

158631
Premýer ministr Dawutogly Al Žazira interwýu berdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Katardan ýaýlym berýän "Al Žazira" teleýaýlymyna beren interwýusynda Kobani hökmünde tanalýan Aýn al Arabda YSYS-a garşy ara alynyp barylýan göreş we Türkiýäniň operasiýa üçin islegleri barada maglumat berdi.
“Siriýadaky zulum ýaňy başlamady, göni 3,5 ýyldan bäri dowam edýär” diýen Dawutogly, “Halkara jemgyýetçiligi diňe Aýn al Araby däl, bütin Siriýanyň halkyny goramak üçin strategiýa taýarlamaly” diýdi.
“200 müň kürt doganymyzy Aýn al Arabdan bir hepdäniň dowamynda kabul etdik” diýen Dawutogly, “Ýewropanyň 3,5 ýylyň dowamynda kabul eden bosgun sany biziň üç günde kabul edenimizden az” diýip nygtady.
Asadyň howa hüjümleri bes edilmän halatynda Türkiýä gelýän bosgunlaryň yzynyň üzülmejekdigine ünsi çeken Dawutogly “Siriýada zuluň ortadan aýrylmagy üçin howpsyz zolagyň döredilmegi hökmany” diýdi.
Dawutogly “BMG-niň ýa-da halkara koalisiýanyň hemaýaty astynda, halky howa we guryýer hüjümlerinden halas etjek zolak bolmaly” diýdi.
Premýer ministr Dawutogly howpsyz zolagyň yglan edilmegini isleýän ýerleri barada-da durup geçdi.
Dawutogly “Halap, İdlib, Aýn al Arab, ýagny Kobani we Türkiýäniň serhediniň arasynda giňligi adam sanyna görä kesgitlenjek howpsyz zolaklar döredilmeli we oňa BMG karar bermeli” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar