Bingölde hyýanatçylykly hüjüm guraldy

Hüjümde İçeri işler müdüriniň orunbasary Atif Şahin bilen Baş komisar Hüseýin Hatipogly şehit boldy

Bingölde hyýanatçylykly hüjüm guraldy

Bingölde hyýanatçylykly hüjüm guraldy.
Bingölde İçeri işler müdüri Atalaý Ürker bilen ýanyndakylara ýaragly hüjüm guraldy.
Hüjümde İçeri işler müdüriniň orunbasary Atif Şahin bilen Baş komisar Hüseýin Hatipogly şehit boldy. İçeri işler müdüri Atalaý Ürker bilen polis Ugur Atly bolsa ýaralandy.
Ýaralanan İçeri işler müdüri Atalaý Ürker bilen polis Ugur Atly Bingöl döwlet hassahanasynda bejeriş astyna alyndy.
İçeri işler müdüri Ürker soň bolsa tiz kömek uçar bilen Ankara ugradyldy.
Salygy goraýyş ministrligine degişli ýörite uçar bilen Ankara getirlen Ürker Numune ylmy barlag hasshanasynda bejeriş astyna alyndy.
Hüjümçileriň tussag edilmegi maksady bilen guralan operasiýada 4 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar