Çawuşogly Wenizelos bilen duşuşdy

Duşuşykda iki ýurduň arasynda Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň işleri meselesine garaldy

140519
Çawuşogly Wenizelos bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Nýu Ýorkda iki çäk gepleşikler geçirýär.
Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Wenizelos bilen duşuşdy.
Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä duşuşykda iki ýurduň arasynda Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň işleri meselesine garaldy.
Kipr meselesiniň çözülmegi üçin iki tarapyň hem etaba oňyn goşant goşmalydygyna üns çekildi.
Duşuşykda sebitdäki howpsuzlyk meselesiniň iki ýurda ýaramaz täsirini ýetirmezligi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Liwiýa temaly maslahata hem gatnaşdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar