Hataýda sil sebäpli 2 adam ýogaldy

Dereksiz ýiten 4 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

137891
Hataýda sil sebäpli 2 adam ýogaldy

Hataý welaýatynda sil sebäpli 2 adam ýogaldy.
Hataýyň Erzin etrabynda güýçli ýagýan ýagyşlar sebäpli gelen silde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 4 adam hem dereksiz ýitdi.
Erzin etrabynda agşamara başlan ýagyş sebäpli sil geldi.
Sil öýlere, iş ýerlerine we ulaglara zeper ýetirdi.
2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan silde dereksiz ýiten 4 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar