Prezident Erdogan ABŞ-na gider

Erdogan BMG-nyň 69-njy sessiýasyna gatnaşar

132527
Prezident  Erdogan  ABŞ-na gider

Prezident R. T. Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gider.
22-nji sentýabrda başlajak BMG-nyň 69-njy sessiýasyna Prezident R. T. Erdogan gatnaşar.
Prezident Erdogana Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde ministrler Nihat Zeýbekçi, İdris Güllüje we Wolkan Bozkyr ýoldaşlyk eder.
BMG-nyň 69-njy sessiýasynyň gün tertibinde klimat, milli meýilnamalar we ykdysadyýet meselesi esasy orun eýeleýär.
21-nji sentýabrda Nýu Ýorka gitjek Prezident Erdogan saparynyň çäginde iki çäk duşuşyklar hem geçirer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar