Mewlüt Çawuşogly Germaniýada saparda bolýar

Çawuşogly sońky 7 aýda 3 müń adamyń Türkiýä girmeginiń gadagan edilendigini belledi.

132282
Mewlüt Çawuşogly Germaniýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniń terrorçylyga garşy göreşde tutanýerlidigini aýtdy.
Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniń YDYD guramasyna gatnaşmak üçin gelen şübhelileri tussag edip deport edendigini sońky 7 aýda 3 müń adamyń Türkiýä girmeginiń gadagan edilendigini belledi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýa guraýan saparynyń çäginde kärdeşi Frank Walter Şteinmeier bilen duşuşdy.
Çawuşogly duşuşykdan soń beren beýanatynda YDYD guramasy bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşde tutanýerli tutum alyp barýandygyny aýtdy.
Daşary ýurtlylaryń Türkiýäniń üstünden geçip YDYD guramasyna agza bolmagynyń öńüni almak üçin maglumat çalşygynyń möhümdigini aýdan Çawuşogly Türkiýäniń häzire çenli 6 müńden gowrak adamyń, sońky 7 ada bolsa 3 müńden gowrak adamyń Türkiýä girmegini gadagan edendigini ýatlatdy.
Türkiýedäki, İordaniýadaky we Liwandaky bosgunlaryń ýagdaýy barasynda hem durup geçen Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýedäki bosgunlaryń haýsydyr bir kynçylygynyń ýokdygyny emma İordaniýa we Liwana bu meselede goldaw berilmelidigini nygtady.
Germaniýanyń Daşary işler ministri hem YDYD guramasy meselesiniń Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýandygyny aýtdy.
Nemes hökümetiniń Yraga ýarag we harby enjam kömegini berýändigini belledi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar