Mewlüt Çawuşogly İordaniýada saparda boldy

Çawuşogly iki ýurduń arasynda strategik hyzmatdaşlyk komissiýasynyń dörediljekdigini aýtdy

119966
Mewlüt Çawuşogly İordaniýada saparda boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly İordaniýada saparda boldy.


Çawuşogly İordaniýanyń Daşary işler ministri Nasyr Judeh bilen duşuşdy.


Duşuşykda iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklar, Türkiýede we İordaniýada bolýan siriýalylar we Yrakda başdan geçirilýän wakalar bilen Palestina meselesi seljerildi.


İki ýurduń arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


Daşary işler ministri Çawuşogly gatnaşyklary iń ýokary derejä çykarmak üçin iki ýurduń arasynda strategik hyzmatdaşlyk komissiýasynyń dörediljekdigini aýtdy.


Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly İordan Şasy Abdullah 2-nji tarapyndan hem kabul edildi.


Duşuşykda iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meselelere garaldy.


Saparynyń çäginde türk işewür adamlary bilen duşuşan Çawuşogly maýa goýumlary hakynda maglumat aldy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar