Prezident saýlawy üçin türk raýatlary ses berýär

Türk raýatlary gümrük geçelgeleri bilen birlikde 54 ýurtda 103 merkezde ses berýär

76763
Prezident saýlawy üçin türk raýatlary ses berýär

Dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan türk raýatlary ses bermäge dowam edýär.
Prezident saýlawy üçin türk raýatlary daşary ýurtlarda ses berýär.
Türk raýatlary gümrük geçelgeleri bilen birlikde 54 ýurtda 103 merkezde ses berýär.
Germaniýada ýaşaýan türk raýatlary 7 aýry sebitde ses bermäge dowam edýär.
Paýtagt Berlinde bellige alynan 140 müň saýlawçy ses berýär. Emma saýlawçylaryň esasy böleginiň dynç almak üçin Türkiýä gelendikleri sebäpli saýlawçylar Türkiýedäki gümrük geçelgelerinde ses berýär.
Germaniýada ýaşaýan türk raýatlary ilkinji gezek ýaşaýan ýurtlarynda ses bermekden hoşaldyklaryny nygtaýar.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň beren sesleri ýörite gutulara goýlup möhürlenenden soň Türkiýä getirler we şol sesler Türkiýede sanalar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar