Yrakda zamun alynan 32 türk sürüjisi boşadyldy
Yragyň Mosul şäherinde 10-njy iýundan bäri Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan zamun alynan 32 sany türk sürüjisi boşadyldy
116912
Yragyň demirgazygynda Mahmurdaky lagerlerden birine gelen sürüjiler ol ýerde türk ýolbaşçylary tarapyndan garşylandy.
Türk sürüjileri saglyk barlagyndan geçirildi.
Topar soň bolsa Mahmurdan ulag kerweni bilen Erbile tarap ýola düşdi.
Türk sürüjileriniň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.
Alynan maglumata görä sürüjiler ilki Erbilde myhmanhanalardan birine ýerleşdiriler. Sürüjiler posport işleriniň tamamlanmagyndan soň uçar bilen Erbiliň howa menzilinde Türkiýä getiriler.