Türk ýaragly güýçleriniň Liwandaky iş möhleti bir ýyl uzaldyldy

Şeýlelikde hökümete türk harby toparynyň ugradylmagy üçin rugsat berildi

116255
Türk ýaragly güýçleriniň Liwandaky iş möhleti bir ýyl uzaldyldy

Türkiýäniň Liwanda iş alyp barýan BMG-nyň Wagtlaýyn iş güýjüni Türk ýaragly güýçleri arkaly berýän goldawynyň möhletiniň 1 ýyl möhlet bilen uzaldylmagy baradaky ministrler kabinetiniň ygtyýarnamasy düýn Mejlisiň Baş Assambleýasynda kabul edildi.
Ygtyýarnama Türkiýäniň Mejlisinde ara alynyp maslahatlaşylýarka çykyş eden milli goranmak ministri İsmet Ýylmaz Türkiýäniň sebitinde başdan geçirilýän wakalara ünssiz galyp bilmejekdigini aýtdy.
Ministr Ýylmaz “Goňşy ýurtlarymyz bilen birlikde sebitde ýerleşýän ýurtlarda parahatçylygyň, howpsyzlygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň ýola goýulmagy bilen bähbitlerimiziň goralmagynyň arasynda ýakyn arabaglanşyk bar” diýdi.
Mejlisiň Baş Assambleýasynda kabul edilen ygtyýarnama bilen Türk ýaragly güýçlerine degişli toparyň Deňiz iş toparyna degişli bolmagy we şonuň bilen bagly işleriň ýerine ýetirilmegi üçin hökümete rugsat berilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar